- azar
- [aza:r]1) Agyry, yza, kesel, dert.∙ Onuň endamynyň azarlarymy, ýa-da pikir-hyýaly ony horlaýarmy, garaz, Gurduň gözüne uky gelmeýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)2) Horluk, azap, jebir, kynçylyk.∙ Olaryň azarlaryny bize ýetirmeýärler.∙ Günbe-günden beterläp, Artýardy meň azarym. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)∙ Biz çekilen azarlaryň tiz soňuna çykdyk. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)◊ azar bermek — Birahat etmek, ynjalyk bermezlik, horlamak, ynjatmak.∙ Gyzka Amansoltanyň Nepese azar berýän, gödek degişýän wagtlary bolýardy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)◊ azar bolmak — Dert bolmak, iş bolmak.∙ Emma welin, men şeýle erbet garagolçylygym sebäpli Gurban aga uly zyýan berenime, ile-güne hem uly azar bolanyma, öz janymy gynanyma düşündim. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)◊ azar edinmek — Alada, ünji etmek, ynjalyksyzlanmak.∙ Siz azar edinmäň, meniň agyrýan ýerim ýok. (M. Gorkiý, Ene)◊ azara galmak — seret azar edinmek∙ Azara galyp geleniňiz üçin köp sag boluň! («Tokmak» žurnaly)◊ azara goýmak — Aladalandyrmak, görgä goýmak.∙ Agyr ýaraly teni, Azara goýdy meni. (A. Kekilow, Söýgi)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.